Global Sosial Media Ulgamy Yerli Kiber Ulgamyň Ähmiyetini Yene-de Bir Gezek Yatlatdy

Kommunikasiyalar edarsynyň Başlygy Fahrettin Altun düyn sosial mediada başdan geçirilen elyeterlilik meselesi hakynda beyanat berdi

1715001
Global Sosial Media Ulgamy Yerli Kiber Ulgamyň Ähmiyetini Yene-de Bir Gezek Yatlatdy

Altun: “Global media firmalarynyň nähili üznükli ulgamdadygyny görkezyän mesele, milli kiber düşünjäniň ähmiyetini yene-de bir gezek yatlatdy” diydi.

Fahrettin Altun sosial media hasabyndan beren habarnamasynda düynyäde we Türkiyede giňden ulanylyan media ulgamlarynda düyn başdan geçirilen kynçylygyň möhleti, netijeleri we bütin dünyä öwredenleri ya-da öwret zatlary taydan eyyän aragatnaşyk taryhynda möhüm yer eyeleyändigini beyan etdi.

Fahrettin Altun habarnamasynda: “Dünyäde “alternatiwsiz” diyilyän global sosial media firmalarynyň nähili goragsyz we kadasyz ulgamdadygyny görkezyän bu mesele, bize hem milli kiber düşünjäniň ähmiyetini yene-de bir gezek yatlatdy. Başdan geçirilen mesele ayratynam ählimize maglumatlarymyzyň nähli howp astyndadygyny, sosial azatlyklarymyzyň gysga möhletde we yeňillik bilen çäklendirilip bilinyändigini, sosial mediadaky kadasyzlygyň adamlarda we jemgyyetde öwezi dolunmasy kyn yitgilere sebäp bolup biljekdigini görkezdi.

 Yerli, milli we howpsuz maksatnamalara yönelip, olary kämlleşdirmegiň yany bilen, global sosial media ulgamlarynyň hem adamyň azatlyklaryna howp salmazdan kesgitli hem-de howpsuz ulgamda işlemegini arzuw etmek indi mejburylykdyr. Türkiye döwleti digital dünyäniň ençeme peydasy bilen birlikde getiryan şeyle meselelerinden rayatlarymyzyň zyyan çekmezligi üçin ähli guramalary bilen iş alyp baryar” diyip yazdy.

 



Degişli Habarlar