Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Siriýada ýokary derejeli PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1711524
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Milli howpsuzlyk guramasy Siriýanyň Kamyşly etrabynda geçiren operasiýasynda Halkara Polis Guramasy İNTERPOL tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän ekstremist terror guramasy PKK-nyň hamala merkezi komitetiniň agzasy Engin Karaaslany täsirsiz ýagdaýa getirdi.

“Haýdar Warto” kodly Karaaslanyň münen ulagyna Kamyşly-Haseke ýolunyň Eli Fera diýilýän böleginde ýaragly uçarmansyz ulagy bilen operasiýa guraldy.

Operasiýada İNTERPOL tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän we Terrordan gözlenýänleriň sanawynda gyzyl toparda durýan Karaaslan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Engin Karaaslanyň şu günki güne çenli Siriýada täsirsiz ýagdaýa getirilen iň ýokary derejeli terrorçydygy habar berildi.

Milli goranmak ministrligi hem Yragyň demirgazygyndaky Gara etrabynda anyklanan 2 PKK terrorçynyň howa operasiýasy bilen, “Penje-Ýyldyrym” zolagynda bolsa 2 PKK terrorçynyň komandoslar tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar beripdi.

 



Degişli Habarlar