Akar: "PKK-a garşy göreş babatynda Yrak bilen gepleşikler geçirýäris" diýdi

Hulusi Akar düýn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

1711638
Akar: "PKK-a garşy göreş babatynda Yrak bilen gepleşikler geçirýäris" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Yrak bilen bilelikde umumy operasiýa geçirip biljekdiklerini belläp: "Umumy ştabyň döredilmegi meselesi bilen birlikde Yragyň Goranmak ministri bilen gepleşikler geçirýäris" diýip habar berdi. 

Hulusi Akar düýn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Türkiýäniň Yrak we Siriýa başda bolmak bilen ähli goňşylarynyň serhet howpsuzlygyna, özygtyýarlylyk hukuklaryna hormat goýandygyny aýdan Hulusi Akar, metbugat işgärleriniň biriniň: "Terror guramasyna garşy Yrak bilen bilelikde operasiýa geçirmek ähtimallygy barmy we bu babatda bir aragatnaşyk saklanýarmy?" soragyna: "Aragatnaşyk saklaýarys. Biz Yragyň Goranmak ministri bilen gepleşikler geçirýäris, egindeşlerimiz bolsa meýdanda kärdeşleri bilen gepleşikler geçirýärler" diýip jogap berdi. 

"Yrakda üýşen terrorçylaryň milletimiziň başyna bir külpetdigini, döwlet hökmünde milletimizi bu külpetden halas etmekde tutanýerlidigimizi, ýeke täk nyşanamyzyň terrorçylardygyny açyk we anyk ýagdaýda gepleşiklerde belläp geçdik" diýip aýdan Akar: "Bilelikde nämeler edip bileris, umumy ştabyň döredilmegi bilen birlikde ähli ugurlary maslahatlaşýarys" diýip mälim etdi. 

Siriýanyň demirgazygynda soňky wagtlarda artan howa hüjümleriň hem üstünde durup geçen Akar: "Ruslar ol ýerdäki terror toparlaryna garşy bu hüjümleri guraýandyklaryny aýdýarlar. Emma şol hüjümleriň netijesinde ýogalanlaryň we gaçanlaryň arasynda terrorçylar ýok. Eýýäm ençeme aý bäri bulary aýtmaga synanyşýarys. Biz Russiýa bilen gazanylan ylalaşyklaryň düzgünlerini berjaý edýäris. Bu babatda näme edilmeli bolsa etdik we uly tagalla bilen şolary ýerine ýetirýäris. Garşy tarapyň hem ylalaşygyň düzgünindäki jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegine garaşýarys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Siriýa , #terror , #Yrak , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar