TRT World Forumyň 5-njisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler

V TRT World Forumy 19-20-nji oktýabr aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler

1710963
TRT World Forumyň 5-njisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler

TRT World Forumynyň 5-njisi "Güýç we paradoks: 21-nji asyrda Beýik Strategiýa göz ýetirmek" temasy bilen 19-20-nji oktýabr aralygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler. 

TRT tarapyndan berilen beýanata görä, dünýäniň möhüm global meselelerine çözgüt tapmak maksady bilen 2017-nji ýyldan bäri geçirilýän TRT World Forum, şu ýyl dünýäniň dört künjeginden akademikleri, jemgyýetçilik guramalaryny, bilim adamlaryny, syýasatçylary, hünärmenleri we metbugat işgärlerini bir ýere jemlär. 

Forumyň çäginde öz ugrunda dünýä meşhur hünärmenler, 16 aýry bölümde soňky ýyllarda öňe çykan syýasy we sosial meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. 

Global ynsanperwer krizisler, halkara howpsuzlyk syýasatlary, güýjüň çägi we global adalat ýaly temalar boýunça geçiriljek maslahatlar bilen bütin adamlary gyzyklandyrýan meseleler orta atylar. 

Beýleki tarapdan Talibanyň Owganystany ele geçirmeginden soň TRT World Foruma "Talibanyň gaýdyp gelişi: Edilen ýalňyşlyklar we alynan sapaklar" temaly maslahat goşuldy. 

Öz ugrunda hünärmen bolan adamlaryň gatnaşjak Owganystan temaly maslahatda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durulyp geçiler. 

V TRT World Foruma: https://www.trtworldforum.com/trt-world-forum-2021/ saýtyndan ýüz tutup bolýar. 



Degişli Habarlar