Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1711084
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, terrorçylara garşy operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Penje-Şimşek operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 3 terrorçynyň nyşana alynyp, Penje-Ýyldyrym operasiýasy sebitinde bolsa PKK-a agza ýene-de 1 terrorçynyň howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Milli Howpsuzlyk gullugynyň 20-nji we 26-njy sentýabrda Yragyň demirgazygyndaky Metina we Zap sebitlerinde geçiren operasiýalarynda bolsa PKK/KJK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. 



Degişli Habarlar