Süleýman Soýlu eýranly kärdeşini gutlady

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, wezipä täze bellenen Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Ahmet Wahidini gutlady

1711181
Süleýman Soýlu eýranly kärdeşini gutlady

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu awgust aýynda wezipä başlan Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Ahmet Wahidi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Eýranly kärdeşini täze wezipesi bilen gutlan Süleýman Soýlu, ministrlikleriň arasynda ozaldan gelýän sebitleýin we strategik gatnaşyklaryň, täsirli we güýçli ýagdaýda çuňlaşdyrylmagy maksady bilen bilelikde işleşmegiň dostlukly we taryhy gatnaşyklara eýe bolan iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklara uly itergi berjekdigini beýan etdi. 

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurdyň Içeri işler ministrlikleriň arasynda başda Migrasiýa, howpsuzlyk, serhet we terrora garşy göreş meseleleri bolmak bilen ähli ugurlar boýunça açyk we güýçli ýagdaýda alynyp barylýan hyzmatdaşyklar bilen we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar