Prezident Erdogan kazylaryň we prokurorlaryň dabarasynda çykyş etdi

Erdogan: "Adalat ulgamyny güýçlendirmek, kazyýete we kararlaryna ynamy iň ýokary derejä ýetirmek, öňümizdäki döwürde ileri tutýan ugrumyz bolar" diýip habar berdi

1711163
Prezident Erdogan kazylaryň we prokurorlaryň dabarasynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde 24-nji döwür Kazyýet hökümleriniň kazylaryň we Respublikan prokurorlaryň dabarasynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "2002-nji ýyldan bäri ýurdumuzda adalaty ýola goýmak, adam hukuklaryny we demokratiýa ülňülerini ýokarlandyrmak üçin reforma ygtyýarymyzy hemişe janly sakladyk" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýäniň adalatynyň we galkynyşynyň syry, döwletiň millet bilen birlikde bir ýolda ýöremegidir, ýoluň dowamynda hem özüni dowamly häsýetde täzeläp bilmegidir. Adalat ulgamyny güýçlendirmek, kazyýete we kararlaryna ynamy iň ýokary derejä ýetirmek, öňümizdäki döwürde ileri tutýan ugrumyz bolar" diýip habar berdi. 

Ýakyn wagtda her bir welaýatda parahatçylyk komissiýalaryny işledip başlatjakdyklaryny aýdan Erdogan: "Şeýlelik bilen kazyýet organynyň agyr ýüküni azaldýan ýene-de bir çözgüt ýoluny hukuk ulgamymyzyň düzümine girizmek isleýäris. Dini, statusy, gelip çykyşy, şahsyýeti kim bolsa bolsun her bir raýatymyzyň hukugynyň elinden alynmagyna rugsat bermäň" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar