Çawuşogly: "Türk Dünýäsi Owganystandaky hadysalaryň täsirini beýlekilerden has köp duýar"

Çawuşogly: "Mundan başgada Owganystanda millionlarça türk kowumdaşlarymyzyň ýaşamagy hem bizi gönüden gyzyklandyrýar" diýip nygtady

1710985
Çawuşogly: "Türk Dünýäsi Owganystandaky hadysalaryň täsirini beýlekilerden has köp duýar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Owganystana goňşy bolan Türk Dünýäsiniň ýurtdaky hadysalaryň täsirini beýlekilerden has köp duýandygyny belläp, Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda beriljek umumy jarnama bilen dünýä beriljek güýçli ýüzlenmäniň möhümdigini beýan etdi. 

Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalaryň ele alynjak Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahaty Prezidentiň Stambul şäherindäki Dolmabahçe köşgündäki ofisinde başlady. 

Ol ýerde çykyş eden Mewlüt Çawuşogly, maslahatyň Azerbaýjanyň ermeni basyp alyşlygy astynda bolan topraklaryny azat eden 44 günlük söweşiň başlan gününe gabat gelendigine ünsleri çekip: "Şol sebäpli Azerbaýjanly gahrymanlarymyz başda bolmak bilen watanlarymyzyň topraklarynyň goralmagy we Garaşsyzlyk ugrunda mertlerçe söweşip wepat bolan ähli şehitlerimizi uly rehnet we hormat bilen ýatlap geçýärin" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Owganystandaky hadysalaryň global derejede täsiri bar. Emma Türk Dünýäsi Owganystandaky hadysalaryň täsirini beýlekilerden has köp duýar we mundan soň hem duýar. Mundan başgada Owganystanda millionlarça türk kowumdaşlarymyzyň ýaşamagy hem bizi gönüden gyzyklandyrýar" diýip nygtady. 

Mewlüt Çawuşogly bu maslahatyň ýeke özüniň hem Türk Geňeşiniň halkara arenada barha artýan abraýynyň görkezijisidigini belläp, Türk Dünýäsiniň birligi we halkara meselelerdäki hyzmatdaşlygy bilen bagly güýçli ýüzlenmeler berjekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar