Türkiýäniň Söwda ministri Yrakda saparda bolýar

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen duşuşyk geçirdi

1710608
Türkiýäniň Söwda ministri Yrakda saparda bolýar

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, Yragyň paýtagty Bagdat şäherine guran saparyndan soň Erbil şäherinde, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen duşuşyk geçirdi. 

Söwda ministri Mehmet Muş Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen geçiren duşuşygyna, Türkiýäniň Bagdat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Ryza Güneý we Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Etniki we Dini guramalardan jogapkär ministri we Yragyň Türkmen frontynyň Donalşyk geňeşiniň agzasy Aýdyn Maruf hem gatnaşdy. 

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, Erbile guran saparynyň çäginde Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Mesrur Barzani bilen hem duşuşyk geçirer. 

Iki günlik sapar bilen Yraga giden Mehmet Muş, düýn bolsa ýurdyň paýtagty Bagdat şäherinde Yragyň Aragatnaşyk ministri Nasyr al-Şibli bilen duşuşyk geçiripdi. 

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş 18-nji awgustda hem Bagdada sapar gurapdy. Mehmet Muş şol saparynda bolsa Yragyň Prezidenti Berhem Salih, Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi, kärdeşi Ala al-Juburi we Aragatnaşyk ministri Nasyr aş-Şibli bilen duşuşyk geçiripdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Yrak , #sapar , #Mehmet Muş

Degişli Habarlar