Türkiýe Gaýtadan Işlenýän Energiýa Pudagynda we Energiýanyň Netijeliligi Taýdan Uly Üstünlik Gazandy

Prezident Erdogan “BMG-niň Ýokary Derejeli Energiýa Dialogy Maslahatyna” wideo ýüzlenme ugratdy.

1710373
Türkiýe Gaýtadan Işlenýän Energiýa Pudagynda we Energiýanyň Netijeliligi Taýdan Uly Üstünlik Gazandy

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň energiýanyň gaýtadan işlenmeginde, gaýtadan işlenýän energiýa pudagynda we energiýanyň netijeliliginde uly üstünliklere eýe bolandygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan “BMG-niň Ýokary Derejeli Energiýa Dialogy Maslahatyna” wideo ýüzlenme ugratdy.

Global ýylylygyň we howanyň üýtgemeginiň adamzat taryhyndaky iň esasy kynçylyklaryň başynda durýandygyny beýan eden Erdogan, dünýäniň iň çetli etraplarynda-da howa meselesi sebäpli ýüze çykýan tebigy apatlaryna, keselçilige, ykdysady we sosial kynçylyklara sezewar bolunýandygyny nygtady.

Bu meseläniň diňe global hyzmatdaşlyk arkaly hötdesinden gelinijekdigini nygtan Erdogan; “Şonuň üçin bolsa hiç kim yzda galdyrylmaly däl, adalatly jogapkärçilik üpjün edilmeli. Bu ugurda iň uly goşandy energetika pudagynyň goşjakdygy mälim. Onuň çözgüdi belli. Adaty energiýa sarp edilişi azaldylmaly, gaýtadan işlenýän we sap ernegiýa serişdeleri ýaýbaňlandyrylmaly, energiýadan netijeli peýdalanylmaly” diýdi.

Türkiýäniň energiýanyň gaýtadan işlenmeginde, gaýtadan işlenýän energiýa pudagynda we energiýanyň netijeliliginde uly üstünliklere eýe bolandygyny beýan eden Erdogan; “Gaýtadan işlenýän energiýa pudagynda Ýewropada 5-nji, dünýäde 12-nji orny eýeleýäris. Elektrik önümçiliginde gaýtadan işlenýän energiýanyň paýy 53 göterim” diýdi.

 



Degişli Habarlar