“Ýekeje Perzendimiziň DAEŞ, PKK we FETÖ Ýaly Terror Guramalarynyň Hataryna Geçmegini Islemeýäris”

Prezident Erdogan Türk öýüniň täze binasynda TÜRKEN gaznasynyň wekillerini kabul etdi.

1708451
“Ýekeje Perzendimiziň DAEŞ, PKK we FETÖ Ýaly Terror Guramalarynyň Hataryna Geçmegini Islemeýäris”

Prezident R. T. Erdogan Nýu-Ýorkda Türk öýüniň täze binasynda TÜRKEN gaznasynyň wekillerini kabul etdi.

Prezident Erdogan kabul edilşikde “Ýekeje perzendimiziň DAEŞ, PKK we FETÖ ýaly terror guramalarynyň hataryna geçmegini islemeýäris” diýdi.

Hökümetleri döwründe ýaşlar üçin durmuşa geçiren taslamalarynda bu meselä uly üns berendiklerine ünsi çeken Erdogan, “Sagdyn we kämil ýaşlaryň ösdürlip ýetişdirilmegi üçin elimizden geleni etdik. Döwletimiz, degişli guramalarymyz we gaznalarymyz ýaşlara beren stipendiýalary bilen olara ähli taraplaýyn uly mümkinçilik hödürledi. TÜRKEN gaznamyz hem durmuşa geçirýän taslamalary bilen ýaşlarymyzyn, ýurdumyzyň hem-de Türk-Amerikan jemgyýetiniň geljegi üçin uly tagalla edýär” diýdi.

Prezident Erdogan soň bolsa Türkiýe-ABŞ Iş geňeşi tarapyndan Amerikaly işewürleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahata gatnaşdy.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda diňe ykdysady we söwda däl eýsem howpsyzlykdan terrora, goranyş pudagyndan maýa goýuma çenli birnäçe ugurda uly mümkinçiligiň bardygyne ünsi çeken Erdogan “Türkiýe bilen ABŞ 70 ýyllyk iki güýçli strategik hyzmatdaş. Bu güýçli hyzmatdaşlygymyz birnäçe ýyldan bäri dünýäniň çar tarapynda parahatçylyga, durnuklylyga we howpsyzlyga uly goşant goşdy” diýdi.



Degişli Habarlar