Türkiýe Russiýada Guralan Hüjümi Ýazgardy

Russiýada Perm döwlet uniwersitetine guralan we 8 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýaragly hüjüm ýazgaryldy.

1708267
Türkiýe Russiýada Guralan Hüjümi Ýazgardy

Türkiýe, Russiýada Perm döwlet uniwersitetine guralan we 8 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrligi, Russiýada guralan ýaragly hüjüm hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada “Russiýa Federassiýasynda Perm döwlet uniwersitetinde şu gün guralan we 8 adamyň ýogalmagyna, birnäçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we rus halkyna uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar