TEKNOFEST başlady

TEKNOFEST festiwaly Stambul şäherindäki Atatürk howa menzilinde başlady

1708698
TEKNOFEST başlady
teknofest.jpg
teknofest.jpg
teknofest.jpg
teknofest.jpg

Türkiýäniň Tehnologiýa topary gaznasynyň (T3 Vakfı) wekiliýetiniň başlygy we  TEKNOFEST festiwalynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar, festiwalyň açylyşynda eden çykyşynda, TEKNOFEST-iň 4-nji ýylynda ýaşlar bilen bir ýere jemlenmeginden hoşaldyklaryny belläp: "Şu günki gün möhüm media guramalary türk başlangyçlaryň ýeten sepgidi barada gürrüň berýärler. Üstünlikli başlangyçlarymyz, goýulýan maýalar bilen uly sepgide ýetýär. Köp wagt däl, takmynan 20 ýyl ozal garažlarda siz ýaly ýaşlar tarapyndan gurulan kärhanalar dünýäniň iň güýçli kärhanalaryna öwrüldi" diýip habar berdi. 

Selçuk Baýraktar, TEKNOFEST-iň adamlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän möhüm platformadygyny nygtap: "Türkiýäniň çar tarapyndan gelen ýaşlar biri-birleri bilen tanyşyp, bäsleşip ömür boýy dowam etjek dostlyk gatnaşyklaryna eýe bolýarlar" diýip mälim etdi. 

Baýraktar: "Milli tehnologiýa göçümi bilen Türkiýäniň ähli ugurlar boýunça lider ýurt ýagdaýyna öwürmek maksadymyzdan ýüz öwürmeris. Bu ýoldan yza gaýtmak ýok. Bu ýolda durmak ýa-da säginmek ýok. TEKNOFEST watanymyza, milletimize we täsir ýetiren ähli geografiýalara düşümli bolsun" diýip beýan etdi. 

Şu gün başlan TEKNOFEST festiwaly 26-njy sentýabra çenli dowam eder. 



Degişli Habarlar