TBMM-niň başlygy ispaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Ispaniýanyň Mejlisiniň başlygy Meritksell Batet bilen duşuşyk geçirdi

1708239
TBMM-niň başlygy ispaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Ispaniýa 27 ýyl arakesmeden soň TBMM-niň başlygy derejesinde ilkinji gezek sapar guran Mustafa Şentop, ýurdyň paýtagty Madrid şäherindäki Mejlisiň binasynda geçirilen duşuşykda Mejlisiň hormat depderine gol çekdi. 

Iki ýurdyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň Türkiýäni we Ispaniýany biri-birine has hem ýakynlaşdyrjakdygyny aýdan Mustafa Şentop: "Ortaýer deňizinde parahatçylyga we durnuklylyga möhüm goşant goşjakdygyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem berkitjekdigine ynanan türk we ispan parlamentleriniň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň edilmegi ileri tutýan ugrumyzdyr. Şol çäkde Ispaniýanyň mejlisiniň hormatly başlygy Meritksell Batete ýer eýeçilik edýänligi we ýakynlygy üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýip habar berdi. 

Mustafa Şentop "IE Business Scholl"-a degişli bolan "Global International Relations Center"-de tapawutly guramalaryň hünärmenleri we akademikleri duşuşyk geçiripdi we olara Türkiýäniň tertipsiz migrasiýa we bosgunlar bilen bagly syýasaty barada gürrüň beripdi. 



Degişli Habarlar