Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Nýu-Ýorkda Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Mewlüt Çawuşoglu,Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglu bilen duşuşdy.

1708171
Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Nýu-Ýorkda Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

21-nji sentýabrda başlajak BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu iş saparynyň çäginde özara duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Mewlüt Çawuşoglu saparynyň çäginde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglu bilen duşuşdy.

Çawuşoglu duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “BMG-nyň Baş Assambleýasynyň öňisyrasynda DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglu bilen duşuşdym. Kipr türk halkynyň gysga wagtda halkara derejesinde deň hukukly ýagdaýda wekilçilik etmegi üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.

Çawuşoglu saparynyň çäginde İndoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi bilen hem duşuşdy.

Çawuşoglu duşuşyk hakynda beren habarnamasynda “Indoneziýaly kärdeşim Retno Marsudi bilen netijeli duşuşyk geçirdik. Özara gatnaşyklarymyzy ähli taraplaýyn ösdüreris. Kärdeşimiň geljek aý ýurdumyza gurajak saparynyň çäginde özara gatnaşyklarymyzy ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.



Degişli Habarlar