Oktaý: "Türkiýe Gara deňizdäki durmuş taýdan möhüm taslamalary üstünlikli dumuşa geçirdi"

Oktaý Stambulda geçirilýän 7-nji Halkara Mawy Gara deňiz kongresiniň açylyşynda çykyş etdi

1707761
Oktaý: "Türkiýe Gara deňizdäki durmuş taýdan möhüm taslamalary üstünlikli dumuşa geçirdi"

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Türkiýäniň perspektiwasyndan Gara deňiz sebitinde howpsuzlygy ýola goýmagyň we goramagyň ýolunyň umumy hyzmatdaşlyk maskatnamalaryna üns bermekden geçýändigini belläp:  "Türkiýe sebitdäki hymatdaşlary bilen Gara deňizdäki durmuş taýdan möhüm taslamalary üstünlikli dumuşa geçirdi" diýip habar berdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Stambulda geçirilýän "7-nji Halkara Mawy Gara deňiz kongresiniň" açylyşynda eden çykyşynda, Ýewraziýanyň edil merkezinde ýerleşýän Gara deňiz sebitiniň, ençeme asyrlap global hadysalar taýdan strategik ähmiýete eýe bolan ýerdigini mälim etdi. 

Deňiz howpsuzlygyna täsiri, söwda mümkinçiligi we energetika çeşmeleri bilen Gara deňizi parahatçylyk, asudalyk we durnuklylyk  deňziniň bolmagy üçin Türkiýäniň uly jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny aýdan Fuat Oktaý, Türkiýäniň perspektiwasyndan Gara deňiz sebitinde howpsuzlygy ýola goýmagyň we goramagyň ýolunyň, sebitdäki gözegçiliksiz harby gurluşlary höweslendirmegiň ýerine, sebitdäki umumy hyzmatdaşlyk maskatnamalaryna üns bermekden geçýändigini beýan etdi. 

Türkiýäniň sebitdäki hymatdaşlary bilen Gara deňizdäki durmuş taýdan möhüm taslamalary üstünlikli dumuşa geçirýändigini aýdan Oktaý: "Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçiriji turba taslamasy, Baku-Tbilisi-Erzurun tebigy gaz geçiriji turba taslamasy, TANAP, Mawy Akym we Türk Akym ýaly taslamalar sebitleýin energetika howpsuzlygyna anyk goşant goşýar" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar