Prezident Erdogan “Nýu-Ýorkda Türk Öýüni Açarys” Diýdi

Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Mersin şäherinde Atatürk medeniýet merkezinde geçirlen maslahatyna gatnaşdy.

1707262
Prezident Erdogan “Nýu-Ýorkda Türk Öýüni Açarys” Diýdi

Prezident R. T. Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Mersin şäherinde Atatürk medeniýet merkezinde geçirlen maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan maslahatda eden çykyşynda “Nesip bolsa ýekşenbe güni Amerika gideris we duşenbe güni Nýu-Ýork şäherinde BMG-nyň edil garşysynda 36 gatly Türk öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşarys” diýdi.

“Halkymyza hyzmat etmäge dowam ederis” diýen Prezident Erdogan “Biz ýurdumyzyň mertebesiniň beýgelmegi we Türkiýäniň dünýäniň iň güýçli ýurtlaryndan biri bolmagy üçin tagalla etmäge dowam edýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar