Terror guramasy PKK-a garşy göreş dowam edýär

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gaplaň operasiasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1706813
Terror guramasy PKK-a garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terror guramasy PKK-a zarba urmaga dowam edýär. Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gaplaň operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy esgerlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýilýär.

 Beýleki tarapdan Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, welaýat Žandarma sekerdeligi, “Eren-7 Merjan Munzur” operasiýasynyň çäginde Owajyk etrabynyň obalyk ýerinde terror guramasyna garşy operasiýa geçirdi.

Meýdanda gözleg we saplaýyş işlerini geçirýän howpsuzlyk güýçleri terrorçylar tarapyndan ulanylan 10 gaçybatalgany ýok etdi.



Degişli Habarlar