Erdogan: “2023-nji ýyl Türkiýäniň we türk milletiniň täze galkynyşynyň nyşanydyr”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 2023-nji ýylyň Türkiýäniň we türk milletiniň täze galkynyşynyň nyşanydygyny beýan etdi

1706704
Erdogan: “2023-nji ýyl Türkiýäniň we türk milletiniň täze galkynyşynyň nyşanydyr”

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçirilen “VI Anadoly Media sylaglary” dabarasynda çykyş etdi. Prezident Erdogan: “Ýurdumyzy 2023-nji ýylyň maksatlarynyň çäginde tutup, wagtymyzy we energiýamyzy boş ýere sarp edilmegi bilen bagly tagallalary puja çykardyk” diýip belledi.

Prezident Erdogan 2023-nji ýylyň Türkiýäniň we türk milletiniň täze galkynyşynyň nyşanydygyny nygtap: “ Şu gün beýik we güýçli Türkiýäniň gurluşy ýolundaky iň möhüm duralgamyz bolan 2023-nji ýylyň bosagasyndadyrys” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar