Erdogan: "Türkiýe tertipsiz göçe garşy göreşde ýalňyz galdy" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Türkiýe Siriýadan gözbaş alýan tertipsiz göçüň öňüniň alynmagyna garşy adatdan daşary ýagdaýdaky göreşinde ýalňyz galdy" diýip belledi

1705399
Erdogan: "Türkiýe tertipsiz göçe garşy göreşde ýalňyz galdy" diýdi

Prezident Erdogan Dokuz Eýlül we Başkent uniwersitetleri tarapyndan gurnalan Adalar deňizi we Gresiýa bilen goňşuçylyk gatnaşyklary meseleleri simpoziuma göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Prezident Erdogan: "Egeý deňizi, hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň simwoly bolmaly wagty gynansagam soňky ýyllarda adamzat tragediýalary bilen gün tertibe geldi. Siriýada takmynan 11 ýyl bäri dowam edýän içeri söweşden we gyrgynçylykdan gaçan müňlerçe adam, Egeý deňizinde ýogaldy. Bosgunlaryň öz topraklarynda howpsuz we asuda ýagdaýda ýaşamaklary üçin hiç hili ädim edilmedi. Türkiýe Siriýadan gözbaş alýan tertipsiz göçüň öňüniň alynmagyna garşy adatdan daşary ýagdaýdaky göreşinde ýalňyz galdy. Siriýaly ejir çekýän adamlara ýapylan gapylaryň, ýurdumyzda harby agdarlyşyk edip, 251 raýatymyzyň ýogalmagyna sebäp bolan FETÖ-ji ganhorlara ahyryna çenli açylmagy adamkärçilik taýdan örän utandyryjydyr" diýip belledi. 

Bu ýagdaýa garşy Gresiýanyň Türkiýäniň gowy niýetli tagallalaryna düşünip, goşant goşmagyň ýerine maksimalist syýasatlaryny tizleşdirendigine ünsleri çeken Erdogan: "Bosgun krizisi iki ýurdyň arasynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirmegine sebäp döretjek mahaly, bu taryhy mümkinçilik Gresiýanyň öňuşyksyz pozisiýasy sebäpli puja çykaryldy" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň taryhda bolşy ýaly şu günki günde hem Egeý deňiziniň dartgynlyk we çekişmeden zyýada dostluk bilen ýatlanylmagyny arzuw edýändigini aýdan Erdogan, bu düşünje bilen häzirki wagta çenli dartgynlygy artdyran tarap bolmazlyk üçin gaýrat edendiklerini beýan etdi. 

Erdogan: "Goňşymyz Gresiýadan hukuklarymyza we bähbitlerimize hormat goýmagyna, eden-etdiliklerden we birtaraplaýyn aksiýalardan gaça durmaga garaşýarys. Gresiýa bilen adalata we hyzmatdaşlyga esaslanýan, goňşuçylyk hukugyny hasaba alýan çözgüt ýollaryny tapjakdygymyza ynanýaryn" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar