Türkiýäniň BAE Bilen Gatnaşyklarynda Oňyn Başlangyçlar Edilýär

Daşary işler ministri Mevlüt Çavuşogly Türkiýäniň Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklarynda soňky dövürde oňyn başlangyçlaryň edilýändigini aýtdy.

1704190
Türkiýäniň BAE Bilen Gatnaşyklarynda Oňyn Başlangyçlar Edilýär

Çavuşogly hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Geçmişde başdan geçirilen vakalary barlyşmak ve gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin bökdençlik hökmünde görmegiň ýalňyş boljakdygyny beýan eden ministr Çavuşogly; “Halkara gatnaşyklarda hemişelik duşmanlyk ýa-da dostluk bolmaz” diýdi.

Mevlüt Çavuşogly Prezident ve ministrler derejesinde iki taraply ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilendigini beýan edip, iki taraply sapar boýunça ylalaşylandygyny ve depginiň güýçlendirilmegi netijesinde gatnaşyklaryň kadalaşjakdygyny nygtady.

Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň kadalaşjakdygyna ynanýandygyny nygtan Çavuşogly, edilmegi başlangyçlaryň bardygyny ve degişli gepleşikleriň dovam edýandigini aýtdy.

Çavuşogly Müsür bilen gatnaşyklary kadalaşdyrma tapgyrynyň dovam edýändigini ve iş meýilnamasynyň düzülendigini beýan etdi.

Ankara Müsürden vekilçilikli toparyň gelendigini aýdan Çavuşogly; “Bu gepleşiklerden soň bilelikde karara gelen halatymyzda ikitaraply häsýetde ilçi bellemek üçin degişli başlangyçlary ederis” diýdi.

Deňiz ygtyýar giňişlikleri meselesinde Müsür islän halatynda gepleşiklere başlanyp bilinjekdigini aýdan Çavuşogly; “Bizin bilen gol çekişiljek ylalaşykdan has uly girdeji aljakdyklary äşgär” diýdi.

Çavuşogly Türkiýäniň pozitiv global güýçlerden biridigini hemmeleriň görendigini nygtap: “Türkiýäniň ykdysady potensialy artýar. Türkiýe ykdysdy taýdan möhüm mümkinçiliklere eýe. ÝB-niň bize bolan çemeleşmesiniň esasy sebäplerinden biri ykdysady gatnaşyklary ösdürmek islemegi” diýdi.



Degişli Habarlar