Adalat ministri Abdulhamit Gül gollandiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Adalat ministri Abdulhamit Gül Gollandiýanyň Adalat we howpsuzlyk ministri Ferdinand Grapperhaus bilen duşuşyk geçirdi

1704834
Adalat ministri Abdulhamit Gül gollandiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Resmi iş sapary bilen Türkiýä gelen Gollandiýanyň Adalat we howpsuzlyk ministri Ferdinand Grapperhaus Türkiýäniň Adalat ministri Abdulhamit Gül bilen duşuşyk geçirdi. 

Ministrler geçiren duşuşygynda, kazyýet meselesinde iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Geçirilen ikiçäk duşuşykdan soň, topara gepleşikler geçirildi. 

Topara gepleşiklerde kazyýet we adam hukuklarynyň reformalary bilen bagly maglumatlary paýlaşan Abdulhamit Gül, FETÖ guramasy başda bolmak bilen Türkiýäniň terrorra garşy göreşinde, hyzmatdaşlygyna berýän ähmiýedine ünsleri çekdi. 



Degişli Habarlar