Prezident Erdogan Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasyny gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 2021 CEV Ýewropa çempionatynda bürünç medal gazanan Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasyny gutlady

1702684
Prezident Erdogan Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasyny gutlady

Prezident Erdogan Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde bürünç medal ugrunda Gollandiýanyň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy bilen geçiren duşuşygynda 3-0 hasabynda üstün çykyp, bürünç medala eýe bolan  Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasynyň üstünligi mynasybetli Türkiýäniň Weleýbol federasiýasynyň başlygy Mehmet Akif Üstündag bilen ýygyndynyň kapitany Eda Erdem Dündar bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Eda bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bürünç medalyň hem uly üstünlikdigini aýdan Rejep Taýýip Erdogan: "Sizi gutlaýaryn. Görkezen oýnuňyz islendik takdyrdan hem ýokary. Üstünlikleriňiziň dowamyna garaşýarys" diýip belledi. 

Mehmet Akif Üstündag hem özlerine berýän goldawy sebäpli Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirip: "Hemişe bize jaň etdiňiz, bize kömek berdiňiz. Köp sag bolsun aýdýarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar