Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açan terrorçylara degişli ýerler nyşana alyndy we PKK/ÝPG-e agza azyndan 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1701354
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Parahatçylyk Çeşmesi sebitine günorta tarapdan od açan terrorçylara degişli ýerlere garşylyk görkezildi we nyşana alyndy. Terrorçylara degişli ýerler takyklyk bilen nyşana alyndy we ilkinji kesgitlemelere görä PKK/ÝPG-e agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.