Erdogan: "Türkiýäniň ykdysadyýeti dünýäde çalt depginler bilen ösýän 2-nji ykdysadyýet boldy" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň ýylyň ikinji çärýeginde 21,7 göterimlik ösüş bilen dünýäde çalt depginler bilen ösýän 2-nji ykdysadyýet bolandygyny habar berdi

1701156
Erdogan: "Türkiýäniň ykdysadyýeti dünýäde çalt depginler bilen ösýän 2-nji ykdysadyýet boldy" diýdi

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherinde Žandarma we Kenarýaka howpsuzlyk akademiýasynyň ofiser we starşina talyplarynyň uçurym dabarasynda çykyş etdi. 

Çykyşynda ýerli ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary bilen has hem güýçlenip ýollaryny dowam etdirýändiklerini aýdan Erdogan: "Goranyş senagatymyzda ýerliligiň paýyny 20 göterimden 80 göterime çenli ýetirdik. Uçarmansyz howa ulaglary boýunça dünýäde ilkinji 3 ýurdyň biri boldyk" diýip habar berdi. 

Ýurdyň hem öz içinde hem-de daşary ýurtda geçirilýän operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-ny hereket edip bilmejek ýagdaýa getirendiklerini aýdan Erdogan: "Terrorçylary hinlerinde tapyp, ol ýerde täsirsiz ýagdaýa getirýäris. Terror guramanyň hataryna goşulýanlaryň derejesini iň pes derejä ýetirdik. Garadagdada Liwiýadada doganlarymyz bilen bilelikde ençeme üstünlikli işleri amala aşyrdyk. Ejir çekýän adamlara gujak açyp nähili derejede beýik döwletdigimizi bütin dünýä görkezdik" diýip mälim etdi. 

Düýn aýan edilen 2-nji çärýek ösüş görkezijileriniň, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň dinamizmini, önümçilik güýjüni we mäkämligini ýene-de bir gezek subut edendigini aýdan Erdogan: "Türkiýe ýylyň 2-nji çärýeginde 21,7 göterimlik ösüş bilen dünýäde çalt depginler bilen ösýän 2-nji ykdysadyýet boldy" diýip aýan etdi. 

Erdogan Türkiýäni maýa goýumlaryň, önümçiligiň, eksportyň merkezi ýagdaýyna öwürmekde tutanýerlidiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar