Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Serbiýada Saparda Bolar

Saparyň çäginde özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar

1699673
Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Serbiýada Saparda Bolar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu awgust aýynyň 31-i bilen sentýabr aýynyň 1-i aralygynda Serbiýada saparda bolar.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada Çawuşoglunyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiçiň çakylygyna laýyklykda Serbiýa gitjekdigi nygtaldy.

Beýannamada resmi saparyň çäginde özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn güýçlendirilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýandygy bellenildi.

Ministr Çawuşoglunyň saparynyň çäginde Serbiýanyň Prezidenti, Mejlisiniň başlygy we Premýer ministri tarapyndan kabul edilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar