Türkiýede 5 Milliondan Gowrak Immigrant Bar

Prezident Erdogan Türkiýäniň goşmaça bosgun ýüküni götermejekdigini beýan etdi

1697490
Türkiýede 5 Milliondan Gowrak Immigrant Bar

Prezident R.T.Erdogan häzirki wagtda dürli hukuk derejesine eýe 5 milliondan gowrak immigranty kabul eden Türkiýäniň, Siriýadan we Owtganystandan goşmaça göç ýüküni kabul edip bilmejekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan Bitlis welaýatynyň Ahlat etrabynda ilçileriň hormatyna berilen agşam naharynda çykyş etdi.

“Talibanyň liderlerinden gelen ýüzlenmelere häzirlikçe ünsli hoşniýetlilik bilen çemeleşýäris” diýen Erdogan; “Owgtanystanda gelejegiň nähili ugrukjakdygyny Talibanyň sözleri däl, işleri, aksiýalary we etjek başlangyçlary kesgitlär” diýdi.

“Erdogan: “Häzirki wagtda dürli hukuk derejesinde 5 milliondan gowrak bosguny kabul eden Türkiýe Siriýadan we Owganystandan goşmaça göç ýüküni götermez. Owganystanyň durnuklylyga eýe bolmagy iňňän möhüm. Türkiýe şol maskada laýyklykda Owganystandaky ähli taraplar bilen ýakyn dialogyny dowam etdirer” diýdi.



Degişli Habarlar