Mewlüt Çawuşogly ABŞ-ly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1696803
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-ly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Mewlüt Çawuşoglynyň kärdeşi Entoni Blinken bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalary ara alyp maslahatlaşdy. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs bolsa telefon söhbetdeşligi bilen bagly beren ýazmaça beýanatynda: "Entoni Blinken Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Telefon söhbetdeşliginde Owganystanda dowam edýän hyzmatdaşlygymyz we raýatlarymyzyň, hyzmatdaşlarymyzyň howpsuz we tertipli ýagdaýda ewakuasiýalaryny üpjün etmek üçin sarp edilen tagallalar maslahatlaşyldy" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem Twitter hasabyndan beren beýanatynda Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny belläp: "Türkiýe möhüm bir NATO hyzmatdaşy we sebitde elýetmez bir şärik" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar