Şyrnak welaýatynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär

1696468
Şyrnak welaýatynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şyrnak welaýatynyň Gabar dagynyň Güleşli diýilýän ýerinde Eren-13 operasiýasynyň çäginde Harby-howa güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Eren-13 operasiýasynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Gabar dagynyň Güleşli diýilýän ýerinde, welaýat Žandarma serkerdeligine degişli komandos toparlary tarapyndan Žandarma Ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň we Harby-howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýanyň geçirilendigi mälim edildi. 

Operasiýanyň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär. 



Degişli Habarlar