Prezident Erdogan Efiopiýanyň Premýer ministri bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, FETÖ-niň Efiopiýadaky ähli mekdepleriniň Magaryf gaznasyna geçirilendigini habar berdi

1693645
Prezident Erdogan Efiopiýanyň Premýer ministri bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Erdogan Türkiýä resmi sapar bilen gelen Efiopiýanyň Premýer ministri Abiý Ahmedi Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylady. 

Garşylama dabarasyndan soň ikiçäk we toparara gepleşikler geçiren Erdogan we Ahmed , ondan soň bolsa umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdylar. 

Prezident Erdogan eden çykyşynda, Efiopiýa bilen dostlukly we raýdaşlyk esasynda özgerýän gatnaşyklara itergi berendiklerini, gepleşikleriň barşynda sebitleýin we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Efiopiýanyň parahatçylygy, asudalygy we bütewiliginiň Türkiýe üçin möhümdigini aýdan Erdogan, bar bolan meseleleriň sowukganlylyk bilen çözülmegine uly ähmiýet berýändiklerini mälim etdi. 

Erdogan: "Ol ýerdäki ýagdaý erbetleşen halatynda başdan geçiriljek oňaýsyzlyklar ähli sebite öz täsirini ýetirer" diýip belledi. 

Efiopiýadaky mekdepleriň hem üstünde durup geçen Erdogan: "FETÖ-niň ähli mekdepleriniň geçen hepde Türkiýäniň Magaryf gaznasyna geçirilendigi baradaky habary paýlaşmakdan hoşaldyryn" diýip nygtady. 

Erdogan Efiopiýa bilen Sudanyň arasyndaky Faşaga düşünişmezçiligi bilen bagly bolsa: "Bu babatda Türkiýe hökmünde araçylyk bilen birlikde meseläniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi üçin ähli goldawy bermäge taýardyrys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar