Gara deňiz sebitindäki sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Türkiýäniň Gara deňiz sebitinde başdan geçirilen sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 71 adama ýetdi

1691665
Gara deňiz sebitindäki sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berlen beýanatda sil apaty sebäpli Kastamonu welaýatynda 60 adamyň, Sinop welaýatynda 10 adamyň we Bartyn welaýatynda hem 1 adamyň ýogalandygy habar berildi. 

Sil apatynda ýaralanan 8 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi aýan edildi. 

AFAD sil sebäpli Sinop we Kastamonu welaýatlarynda dereksiz ýitenleriň sanynyň 47 adama ýetendigini beýan etdi. 

Sil apatyndan soň Bartyn welaýatynyň Ulus etrabynda 341 adamyň, Kastamonu welaýatynda 1480 adamyň, Sinop welaýatynyň Aýanjyk etrabynda we etrapçalarynda bolsa 560 adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigi mälim edildi. 

Sil apatyndan soň welaýatlaryň 3-sinde hem gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar