Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 esger şehit boldy

1690383
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Penje operasiýasy sebitinde ýerleşýän harby bazalaryň birine PKK-a agza terrorçylar tarapyndan minomýot bilen hüjüm guralandygyny habar berdi.

Ministrlik hüjümde 1 esgeriň agyr ýagdaýda ýaralanandygyny, edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmän şehit bolandygyny mälim etdi.

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa: "Hüjümi guran terrorçylara şol bada garşylyk görkezildi, ilkinji kesgitlemelere görä 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitdäki operasiýalarymyz dowam edýär" diýip habar berildi. 

 



Degişli Habarlar