Akkuýu Atom Elektrik Bekediniň 4-nji Bölüminiň Gurluşygyna Başlandy

Mersin welaýatyndaky Akkuýu atom elektrik bekediniň 4-nji bölüminiň gurluşygyna badalga berildi

1689983
Akkuýu Atom Elektrik Bekediniň 4-nji Bölüminiň Gurluşygyna Başlandy

Degişli firmanyň beýan etmegine görä 4-nji bölümiň reaktor binasynyň gurluşygynyň, turbina binasynyň, ätiýaç reaktor binasynyň we beýleki esasy desgalaryn gurluşygy üçin gazuw işleri 655 inedördül metr meýdanda dowam edýär.

Beýannamada garaýyşlaryna orun berlen “Akkuýu Atom A.Ş” firmasynyň baş Müdiriniň birinji orunbasary we Atom elektrik bekediniň gurluşyk işleri boýunça Direktory Sergeý Butçik şu ýylyň dowamynda 4-nji bölüm üçin gurluşyk lisenziýasyny almagy meýilleşdirýändiklerini we geljek ýylyň başynda doly gurluşyk işlerine başlamagy göz öňünde tutýandyklaryny nygtap: “Akkuýu atom elektrik bekedi şol bir wagtda 4 elektrik bölümi guruljak dünýäniň iň uly ýadro gurluşyk merkezi bolar. Bu dünýä senagat taryhynda görülmedik waka” diýdi.



Degişli Habarlar