Türkiýe Sanjymlamada Dünýäde 8-nji Orunda Durýar

Türkiýe koronawirus epidemiýasyna garşy dünýäde iň köp sanjym etdiren 8-nji ýurt boldy

1688825
Türkiýe Sanjymlamada Dünýäde 8-nji Orunda Durýar

Dünýä derejesinde Kowid-19-a garşy edilen sanjymlaryň sany 4 milliard 480 million dozadan geçdi. 

Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän habaryna görä Türkiýede şu günki güne çenli 78 million 552 müň 659 doza sanjym edildi. 

Türkiýe edilen sanjym sany boýunça dünýäde 8-nji orunda durýar. 

Ýurt derejesinde 42 million 415 müň 458 adama 1-nji doza, 30 million 206 müň 124 adama 2-nji doza sanjym edildi. 

Hytaý 1 milliard 780 million doza bilen dünýäde iň köp sanjym etdiren ýurt boldy.

Hytaýdan son 508 million 660 müň bilen Hindistan, 351 million 930 müň bilen ABŞ gelýär. 



Degişli Habarlar