Türkiýe Çatdaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Çad döwletinde terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1686561
Türkiýe Çatdaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Çadyň Kamerun serhediniň golaýyndaky Çad köli sebitinde terror guramasy Boko Haram tarapyndan düýn guralan terrorçylykly hüjümde onlarça esgeriň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy habar berildi.

Beýanatda: "Guralan bu terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen dogan-garyndaşlaryna, Çadyň halkyna we hökümetine çuňňur gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip aýan edildi.  



Degişli Habarlar