Çawuşogly Dendiasa gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasa Gresiýada dowam edýän ýangynlar sebäpli gynanç bildirdi

1686829
Çawuşogly Dendiasa gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Mewlüt Çawuşogly Nikos Dendiasa jaň etdi we Gresiýadaky ýangynlar sebäpli gynanç bildirdi. 

Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Çawuşoglynyň Dendiasa jaň edip, ýurtdaky ýangynlar sebäpli duýgudaşlyk bildirendigi habar berildi. 

Beýanatda, kärdeşler ozal ilki bilen öz ýurtlarynda dowam edýän tokaý ýangynlaryny gözegçilik astyna almak şerti bilen biri-birlerine kömek etmäge taýardyklaryny aýdandyklary mälim edildi. 

Nikos Dendias 29-njy iýulda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna jaň edip, Türkiýedäki ýangynlar sebäpli duýgudaşlyk bildiripdi. 



Degişli Habarlar