Daşary işler ministri Çawuşogly NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg bilen gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1686122
Daşary işler ministri Çawuşogly NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg bilen gürrüňdeş boldy

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Ýens Stoltenberg Türkiýede dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli duýgudaşlyk we gynanç bildirdi. 

Stoltenberg, NATO-nyň Türkiýä duýgudaşlyk bildirýändigini beýan etdi. 

Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada Owganystandaky ýagdaý ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Mewlüt Çawuşogly, şeýle hem Polşanyň Daşary işler ministri Zbigniýew Rau bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Ministr Rau, tokaý ýangynlary sebäpli Mewlüt Çawuşoglyna gynanç we duýgudaşlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar