Altun: "Türkiýe hiç kimiň garaşylýan otagy däldir, mundan soň hem bolmaz" diýdi

Kommunkasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Bloomberge beýanat berdi

1685518
Altun: "Türkiýe hiç kimiň garaşylýan otagy däldir, mundan soň hem bolmaz" diýdi

Kommunkasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, ABŞ-nyň käbir owganlaryň Türkiýe bilen birlikde 3-nji ýurtlaryň üsti bilen ABŞ-nda ýaşamak üçin ýüz tutyp biljekdigi baradaky beýanaty barada: "Türkiýe hiç kimiň garaşylýan otagy däldir, mundan soň hem bolmaz" diýip belledi. 

Kommunkasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Bloomberg media gullugyna beýanat berdi. 

Fahrettin Altun: "Türkiýe hiç kimiň garaşylýan otagy däldir, mundan soň hem bolmaz. ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilen guramadyr-edaralarynda işlän käbir Owganystanyň raýatlaryna 3-nji ýurtlara gidip, ABŞ-dan sygynmak barada talap bildirip biljekdigi baradaky çagyryşa alada bildirýäris" diýip habar berdi.  

Sebitdäki şertler we Türkiýäniň 4 milliondan gowrak bosguna eýýäm ençeme ýyl bäri ýer eýeçiligini edýändigi göz öňünde tutulanda, tertipsiz migrasiýany höweslendirjek bular ýaly çagyryşyň asla kabul edilmejekdigini aýdan Altun: "Serhediň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin arman-ýadaman işläris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar