Türkiýedäki ýangynlaryna garşy daşary ýurtlardan ugradylýan kömekler gelip gowuşmaga dowam edýär

Türkiýäniň tapawutly sebitlerinde ýüze çykan tokaý ýangynlary sebäpli kömekler we gynanç ýüzlenmeler gelip gowuşmaga dowam edýär

1683950
Türkiýedäki ýangynlaryna garşy daşary ýurtlardan ugradylýan kömekler gelip gowuşmaga dowam edýär

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, tokaý ýangynlarynda ýogalan adamlar sebäpli Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana gynanç bildirdi. 

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow gynanç ýüzlenmesinde: "Türkiýäniň ençeme welaýatynda ýüze çykan ýangynlaryň netijesinde adam pidalarynyň bolandygy baradaky habarlar meni çuňňur ýagdaýda gynandyrdy. Bu kyn günde Türkiýäniň halkyna bu tebigy apatyň netijesiniň hötdesinden gelmegi üçin gaýduwsyzlyk we erjellik dileýärin" diýip belledi. 

Japarow hem hut öz adyndan hem-de Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan ýangynlar sebäpli ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç we ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýändigini nygtady. 

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde bolsa, Twitter hasabyndan Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny belläp, ýazan gynanç hatynda: "Türkiýede ýüze çykan öldüriji tokaý ýangynlarynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirýärin. Raýdaşlygymyz we pikirlerimiz, Türkiýäniň halkynyň we ýangynlara garşy göreş alyp barýan ýangyn söndürijileriň ýanyndadyr" diýip habar berdi. 

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi Türkiýede ýüze çykan ýangynlarda ýogalan adamlar sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Türkiýedäki tokaý ýangynlarynyň sebäp bolan apatdan soň Ysraýylyň halky ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklary üçin doga edýär we ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýär" diýip habar berildi. 

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy bolsa, Türkiýedäki ýangynlara garşy göreş maksady bilen 3 ýangyn söndürme uçarynyň ugradyljakdygyny mälim etdi. 

ÝB Komissiýasynyň Krizis dolanşygyndan jogapkär agzasy Ýanez Lenarçiç, ÝB-niň bu kyn günlerde Türkiýe bilen raýdaşlyk içindedigini belläp: "Has köp kömek bermäge taýardyrys" diýip habar berdi. 

Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Saniniň buýrugyna laýyklykda Kataryň Içerki howpsuzlyk güýçlerine degişli Halkara gözleg we halas ediş bölüminden bir topar Türkiýä ugradyldy. 

Topar, tokaý ýangynlarynda dereksiz ýiten adamlary tapmak we olary halas etmek işlerine gatnaşar. 

Azerbaýjandan bolsa tokaý ýangynlaryna garşy göreş maksady bilen 41-i ýangyn söndüriji ulag bolan jemi 53 ulag bilen 220 işgär geldi. 



Degişli Habarlar