Erdogan Gruziýanyň we Efiopiýanyň Premýer ministrleri bilen gürrüňdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili we Efiopiýanyň Premýer ministri Abiý Ahmed bilen aýry-aýry telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1683825
Erdogan Gruziýanyň we Efiopiýanyň Premýer ministrleri bilen gürrüňdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan-Garibaşwili telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Gruziýa gatnaşyklary we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan Türkiýä tokaý ýangynlary sebäpli gynanç bildiren we ýangyna garşy göreşde medet beriji sözlerini aýdan Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwilä minnetdarlyk bildirdi. 

Türkiýe-Gruziýa strategik hyzmatdaşlygyň bular ýaly günlerde has hem manyly ýagdaýa gelýändigini aýdan Erdogan, Gruziýany sebitleýin hyzmatdaşlygyň açary hökmünde garaýandyklaryny mälim etdi. 

Esasan hem sebitleýin transport we energetika çeşme geçirijileriniň netijeliligi we howpsuzlygy taýdan bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny aýdan Prezident Erdogan, ministrleriň we deputatlaryň üstünlikli ýagdaýda alyp barýan Türkiýe-Gruziýa-Azerbaýjan üçtaraplaýyn mehanizmiň liderler derejesinde hem janlandyrmak isleýändiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan Efiopiýanyň Premýer ministri Abiý Ahmed bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkiýe-Efiopiýa gatnaşyklary we sebitleýin meseleler maslahatlaşyldy. 

Erdogan Efiopiýanyň asudalygyna we durnuklylygyna uly ähmiýet berýändiklerini belläp, Türkiýäniň Efiopiýa her dürli goldawy bermäge dowam etjekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar