Ýurt derejesinde 111 ýangyn gözegçilik astyna alyndy

Türkiýede 111 ýangyn gözegçilik astyna alyndy, 3 aýry welaýatda dowam edýän 6 ýangyn zolagyny söndürmek işleri dowam edýär

1683636
Ýurt derejesinde 111 ýangyn gözegçilik astyna alyndy

Türkiýäniň Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli, Twitter hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berdi. 

Ýurt derejesinde 28-nji iýul 1-nji awgust aralygynda ýüze çykan we şol çäkde dowam etdirilýän işler barada maglumat beren Pakdemirli: "Ýangyn söndürmek işlerine 13 uçar, 9 uçarmansyz howa ulagy, 45 dikuçar, 1 uçarmansyz dikuçary, 708 ýangyn söndüriji ulag we suw tankeri, 120 ekskawator bilen takmynan 4 müň 800 işgär gatnaşýar" diýip habar berdi. 

Bekir Pakdemirli 111 ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny, Antalýa welaýatynda 2, Mugla welýatynda 3 we Tunjeli welaýatynda 1 bolmak bilen dowam edýän jemi 6 ýangynyň söndürmek işleriniň dowam edýändigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar