Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja tokaý ýangynlary barada maglumat berdi

Ýurt derejesinde başdan geçirilýän tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sany 7 adama ýetdi

1683715
Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja tokaý ýangynlary barada maglumat berdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Twitter hasabyndan beren beýanatynda Antalýa welaýatynyň Manawgat etrabyndaky tokaý ýangynlarynda ýene-de 2 adamyň ýogalmagy bilen jemi ýogalanlaryň sanynyň 7 adama ýetendigini mälim etdi. 

Manawgat etrabyndaky tokaý ýangynlary sebäpli zyýan çeken 507 adamyň 497-siniň bejergileriniň tamamlanyp öýlerine ugradylandygyny aýdan Fahrettin Koja: "Ýene-de 10 adamyň bejergisi dowam edýär. 34 sany tiz kömek ulagy, 15 sany Milli lukmançylyk halas ediş topary, 1 ykjam dolanşyk ulagy, 183 saglygy goraýyş işgäri bilen wakanyň başdan geçirilýän ýerindediris" diýip habar berdi. 

Fahrettin Koja, Mersindäki tokaý ýangynlarynda zyýan ýeten 154 adamyň bejergileriniň tamamlanyp öýlerine ugradylandygyny belläp: "28 sany tiz kömek ulagy, 2 sany Milli lukmançylyk halas ediş topary, 90 saglygy goraýyş işgäri bilen wakanyň başdan geçirilýän ýerindediris. Saglygy goraýyş işgärlerimiziň adyndan Mersiniň halkyna gynanç bildirýärin" diýip nygtady. 

Mugla welaýatynyň Marmaris we Bodrum etraplaryndaky ýangynlarda zyýan çeken 203 adamyň 186-synyň bejergi edilip öýlerine ugradylandygyny, 17 adamyň bejegisiniň bolsa entek dowam edýändigini aýdan Fahrettin Koja: "39 sany tiz kömek ulagy, 15 sany Milli lukmançylyk halas ediş topary, 193 saglygy goraýyş işgäri wakanyň bolan ýerinde iş alyp barýar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar