Pakdemirli: "107 ýangynyň 9-y dowam edýär" diýdi

Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli, 107 tokaý ýangynynyň 98-siniň gözegçilik astyna alynandygyny, 9-synyň bolsa dowam edýändigini mälim etdi

1683444
Pakdemirli: "107 ýangynyň 9-y dowam edýär" diýdi

Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli, Mugla welaýatynyň Marmaris etrabynyň Degirmenýany diýilen ýerindäki ýangyn dolanşyk merkezinde tokaý ýangynlary bilen bagly soňky magklumatlary paýlaşdy. 

Soňky 3-4 günde örän köp ýangynyň bolandygyny aýdan Pakdemirli: "107 tokaý ýangyny ýüze çykdy, şolaryň 98-i gözegçilik astyna alyndy, 9 ýangyn bolsa entek dowam edýär" diýip habar berdi. 

Antalýanyň Manawgat, Gündogmuş we Gazipaşa etraplaryndaky ýangynlaryň häzirki wagtda hem dowam edýändigini aýdan Pakdemirli: "Ýangynlar bilen bagly tankydy ýagdaýlar dowam edýär. Mersin welaýatynyň Aýdynjyk etrabyndaky ýangyny gözegçilik astyna aldyk. Silifke etrabynda ýangyn bar, ol ýerdäki ýangyn hem söndürilip barýar. Adana welaýatyndaky ähli ýangynlar gözegçilik astyna alyndy" diýip aýan etdi. 

Mugla welaýatynyň Marmaris, Köýjegiz, Bodrum we Milas etraplarynda 4 ýangynyň dowam edýändigini aýdan Bekir Pakdemirli, zerurlyga görä ýurdyň öz içindäki we daşary ýurtlardan gelen ulaglary koordinasiýa edip, ýangynlary iň gysga wagtda gözegçilik astyna aljakdyklaryny habar berdi. 

Pakdemirli, Marmaris etrabyndaky ýangyn söndürmek işlerine 3 uçaryň, 9 dikuçaryň, 146 ýangyn söndüriji ulagyň, 20 suw tankeriniň we 529 işgäriň gatnaşýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar