Bekir Pakdemirli: "112 ýangynyň 5-si dowam edýär" diýip habar berdi

Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli, ýurt derejesindäki 112 tokaý ýangynynyň 107-siniň gözegçilik astyna alynandygyny mälim etdi

1683536
Bekir Pakdemirli: "112 ýangynyň 5-si dowam edýär" diýip habar berdi

Türkiýäiň Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "28-nji iýul 1-nji awgust aralygynda ýüze çykan 112 tokaý ýangynynyň 107-sini gözegçilik astyna aldyk. Dowam edýän 5 ýangyny gözegçilik astyna almak üçin işlerimiz arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär" diýip habar berdi. 

Ministr Bekir Pakdemirli beren beýanatynda, Antalýa welaýatynda 2 (Manwagat, Gündogmuş), Mugla welaýatynda bolsa 3 (Marmaris, Köýjegiz, Milas) etrapdaky ýangynlaryň dowam edýändigini aýan etdi. 

Marmaris we Köýjegiz etraplaryndaky tokaý ýangynlary hem howadan hem-de gury ýerden söndürilmäge synanyşylýar. Ýangyn söndürmek işlerine Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine degişli 100 adamdan ybarat topar goldaw berýär. 

Milas etrabynda tokaý zolagynda ýüze çykan ýangyn bolsa Bodrum etrabynyň Gökpynar, Ýokary Mazy etrapçalary bilen Armutçuk diýilen ýerlerde täsirini dowam etdirýär. 

Ýangynlary söndürmek işlerine Mugla welaýatynyň sebitleýin müdürligi bilen golaýdaky welaýatlardyr etraplardan ugradylan köp sanda ýangyn söndüriji toparlar gatnaşýar. 

Ýangynyň ýaşaýyş ýerlerine zyýan ýetirmezligi üçin tokaý ýerlerinde ekskawatorlar bilen işler alynyp barylýar. 



Degişli Habarlar