Türkiýä Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

Iordaniýa tokaý ýangynlaryna garşy göreşýän Türkiýä goldaw berýär

1683101
Türkiýä Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

Malaýziýa, Türkiýedäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Malaýziýanyň Daşary işler ministri Hişamuddin Hüseýin sosial mediadan beren habarnamasynda “Malaýziýa, Türkiýede we doganym Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň dogduk diýary Antalýada dowam edýän tokaý ýangynlarynda çekilen adam pidalaryna uly gynanç bildirýär” diýdi.

Iordaniýa hem tokaý ýangynlaryna garşy göreşýän Türkiýä goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Iordaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Daýfullah Al Faýiz, Türkiýedäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Faýiz, Iordaniýanyn doganlyk türk halkyna goldaw berýändigini belledi.



Degişli Habarlar