Akar Owgan Kärdeşi Mohammadi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Owganystanyň Goranmak ministri Bismillah Han Mohammadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1683296
Akar Owgan Kärdeşi Mohammadi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada, telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar, sebitleýin howpsuzlyk bilen Halkara Hamid Kerzeý adyndaky howa menzili bilen bagly meselelerde pikir alyşandygy nygtalýar.

Beýannamada: “Ministr Akar telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Owganystanyň taryh boýy başdan geçirilen kynçylyklary arkalaşyk bilen ýeňip geçendikleri, Türkiýäniň uzak möhletden bäri owgan doganlarynyň asudalygy we abadançylygy üçin iş alyp barýandygy, Hormatly Prezidentimiziň hem beýan edişi ýaly Türkiýäniň owgan halky islän halatynda olary goldamaga dowam etjekdigi, Owganystanda parahatçylyk tapgyrynyň alynyp barylmagynyň möhümdigini beýan etdi” diýilýär.



Degişli Habarlar