Ýangynlarynyň Söndürilmegi Üçin Uly Tagalla Edilýär

Tokaý ýangynlarynyň gözegçilik astyna alynmagy we dolulygyna söndürilmegi üçin uly tagalla edilýär

1682496
Ýangynlarynyň Söndürilmegi Üçin Uly Tagalla Edilýär

 

Prezident R. T. Erdogan, tokaý ýangynlarynyň gözegçilik astyna alynmagy we dolulygyna söndürilmegi üçin döwletiň ähli mümkinçilikleri bilen uly tagalla edýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan, tokaý ýangynlarynyň başdan geçirilýän ýerlerine giden Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli, Daşky gurşaw we şäher gurluşygy ministri Murat Kurum we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen yzygiderli ýagdaýda telefon arkaly ýangynlaryň gözegçilik astyna alynmagy üçin edilýän işler hakynda maglumat alýar.

Ýangynlarda ýogalan 4 adama Alladan rehnet dilän Prezident Erdogan, ýangyn sebäpli zyýan çeken sebitiň ýaşaýjylaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Erdogan, ýangynlaryň gözegçilik astyna alynmagy we dolulygyna söndürilmegi üçin döwletiň ähli mümkinçilikleri bilen tagalla edýändigini nygtap, sebitiň ýaşaýjylarynyň çeken ýitgisiniň öweziniň doldurulmagy üçin kömek berjekdiklerini belledi.



Degişli Habarlar