Erdogan Ýangynlar Boýunça Derňew Işiniň Dowam Edýändigini Aýtdy

Prezident Erdogan käbir welaýatlardaky tokaý ýangynlary boýunça derňew işiniň ýokary derejede dowam edýändigini aýtdy

1682947
Erdogan Ýangynlar Boýunça Derňew Işiniň Dowam Edýändigini Aýtdy

Erdogan Stambulda juma namazyndan soň beýannama berdi.

Erdogan: “Şol bir wagtda ýurdumyzyň dürli etraplarynda başlan ýangynlar boýunça deňew işi ýokary depginde dowam edýär. Munda haýsydyr bir kast etme ýaly zatlar barmy, ýokmy, şolaryň üstünde durulýar” diýdi.

Ýangyny söndüriş işleri üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýandygyny beýan eden Erdogan: “Şu gün uçarlarymyzyň sany 5-6-a ýetdi. Şol uçarlaryň hatarynda Russiýadan, Ukrainadan alan uçarlarymyz bar. Azerbaýdan hem bir uçar ugradar. Uçarmansyz howa enjamlarymyz bilen bolsa sebitiň şertleri barlanýar. İýyl aýynyň 28-20 aralygynda 71 tokaý ýangyny boldy gynansagam. Şolardan 57 sanysy gözegçilik astyna alyndy. 14 tokaý ýangynynyy gözegçilik astyna almak üçin tagalla edilýär” diýdi.

Prezdent Erdogan tokaý ýangynlaryndan zyýan çeken raýatlara degişli kömegiň beriljekdigini aýtdy.

Koronawirusa garşy göreş hakynda-da durup geçen Erdogan, 72 million doza barabar sanjymyň edilendigini beýan etdi.

Dünýäde sanjym etmek üçin mümkinçiligi bolmadyk ýurtlar barka Türkiýäniň şeýle kynçylyk çekmändigini beýan eden Erdogan, ähli çäreleri görendiklerini we kadalmanyň depginini güýçlendirmegek ugrunda iş alyp barýandyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar