Türkiýe Ýangynlara Garşy Göreşýär

Düýn günorta sagatlaryndan bäri Antalýada dowam edýän ýangynlara garşy göreş dowam edýär.

1682164
Türkiýe Ýangynlara Garşy Göreşýär

Manawgat etrabyndaky ýangynyň esasy bölegi gözegçilik astyna alyndy.

Emma gije Akseki etrabynda-da ýangyn başlady.

Aksekide dowam edýän ýangynda bir adam ýogaldy.

Antalýanyň Akseki we Mawgat etraplarynda ýangyn sebäpli 18 etrapçanyň ilaty öýlerinden çykaryldy.

Ýangynda onlarça öý hatardan çykdy.

Kaýseri welaýatynyň Ýaýhaly etrabyndaky Milli goraghanada-da ýangyn boldy.

Mersiniň Aýdynjyk, Bozýazy we Silifke etraplaryndaky ýangynlary söndüriş işleri hem dowam edýär.

 



Degişli Habarlar