Fuat Oktaý DKTR-daky Maraş bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Ýewropa Bileleşiginiň adada çözüwe ýok diýip jogap berýän Kipriň Grek bölegini özüne çekip çözgütsizligiň tarapyny tutandygyny beýan etdi

1682226
Fuat Oktaý DKTR-daky Maraş bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, Ýapyk Maraşyň DKTR-nyň territoriýasyna degişlidigini we tapgyrlaýyn kadaly durmuşa geçiş etabynyň adadaky her tarapa bolşy ýaly sebite hem uly goşantlarynyň boljakdygyny habar berdi. 

"Emma ÝB gynansagam iki özygtyýarly döwlet çözgüt ugrunda bolşy ýaly Maraş babatynda hem hakykatlara we umumy gowulyga arkasyna öwrüldi" diýip aýdan Fuat Oktaý: "Biz Ýewropa Bileleşiginiň şu günki güne çenli Ortaýer deňizinde, Egeý deňizinde başdan geçirilýän dramalara, ynsanperwer krizislere çuňňur alada bildirýändigini ýa-da Ýewropanyň dört künjeginde artýan rasizme we Yslam duşmançylygyna dur diýendigini eşitmedik. Emma mesele Kiprdäki türk halkynyň deň hukuklary, adalatlylyk we özygtyýarlylyk bolan mahaly, örän biperwaý we oýlanşyksyz ýagdaýda beýanat berip bilýär. Kipriň Grek böleginiň we Gresiýanyň häzirki wagta çenli beren ähli wadalarynda durmazlyklaryna, gepleşikler stolundan gaçmaklaryna, ylalaşyklaryň düzgünlerini bozmaklaryna we türk jemgyýetini ýok hökmünde hasap edýän bihaýalygyna garamazdan, hemişe sylaglandyryldy, Kiprdäki türkler bolsa hasaplaşdy. Ne çuňňur aladalar ne-de üsti ýapyk howplar Türkiýäni Kiprdäki türkleriň ýanynda bolmakdan aýyryp bilmez. Mundan beýläk yza dönüşiň ýokdugyny her kim bilmelidir. DKTR-nyň Maraşy açmagy we iki döwletli çözgüt babatyndaky tutanýerliligini yza ädim etmeden goldamaga dowam ederis" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar